Iň­lis ýa­zy­jysy Emi­li Bron­te­niň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy eser­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan «Tu­pan­ly be­lent­lik­ler» at­ly ro­ma­ny­nyň il­kin­ji seý­rek ne­şi­ri auk­si­on­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. «Chris­tie’s» auk­si­on öýü­niň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ese­riň 1908-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek asyl ma­ta daş­ly­gyn­da auk­sio­na çy­ka­ryl­ýan bu seý­rek nus­ga­sy ýa­zy­jy­nyň uýa­sy An­na Bron­te­niň «Ag­nes Greý» ro­ma­ny bi­len bi­le­lik­de sa­tu­wa hö­dür­le­ner. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, lo­tuň umu­my ba­ha­sy­nyň 400-600 müň funt ster­lin­ge ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 1847-nji ýyl­da çap edi­len il­kin­ji ne­şir­den je­mi 250 tö­we­re­gi nus­ga çy­ka­ry­lyp, ola­ryň ag­ram­ly bö­le­gi soň­ra hu­su­sy ýy­gyn­dy­lar ýa-da ki­tap­ha­na­lar üçin tä­ze­den daş­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da asyl ne­şir­dä­ki gör­nü­şin­de sak­la­nyp ga­lan san­ly­ja nus­ga­lar aý­ra­tyn gym­ma­ta eýe­dir.
Şar­lot­ta Bron­te­niň «Jeýn Eýr» ro­ma­ny­nyň ga­za­nan üs­tün­li­gin­den soň­ra gys­sag­ly çap edi­len bu ne­şir çap­ha­na säw­lik­le­ri, şol san­da ese­riň adyn­da­ky kä­bir söz­le­riň nä­dog­ry ýa­zyl­andygy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Çap edi­len döw­rün­de tan­kyt­çy­lar ta­ra­pyn­dan gap­ma-gar­şy­lyk­ly pikirleri dö­re­den hem bol­sa, bu eser wag­tyň geç­me­gi bi­len ede­bi­ýa­tyň çä­gin­den çy­kyp, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di we sun­gat us­sat­la­ry­ny, sa­zan­da­lary hem-de ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­la­ry tä­ze dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­ne ruh­lan­dy­ryp gel­ýär. Eseriň iň soňky ekranlaşdyrylan nusgalarynyň biri hem režissýor Emerald Fennelliň golaýda surata düşüren we dürli garaýyşlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolan filmidir.

Täzegül GANDYMOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.