Meşhur aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherindäki dünýä belli «Livraria Lello» kitap dükanynyň binýadynda «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. «Babell – City of Books» halkara kitap festiwalynyň çäklerinde guralan dabaraly çärä dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri gatnaşdylar. Täze kitaphana içki bezegi hem-de gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» romanyny ýazmaga ylham beren taryhy «Livraria Lello» kitap dükanynyň hemişelik bölegi hökmünde hereket eder.
Täze kitaphana aýdymçynyň 2021-nji ýylda esaslandyran «Service95» medeni taslamasynyň dowamy bolup, ol ilkinji tapgyrda ýüzden gowrak gymmatly eseri öz içine alýar. Bu ýerde dünýäniň meşhur eserleri jemlenip, olar okyjylar köpçüligine hödürlenýär.
Kitaphananyň gorunda Margaret Etwuduň «Gyrnagyň gürrüňi», Harper Liniň «Bilbili öldürmek», Rejinald Dueýn Bettsiň «Jenaýatkär», Trewor Noanyň «Reňksiz», Jodi Pikoltyň «On dokuz minut» atly romanlary, şeýle hem Rupi Kauryň «Süýt we bal» goşgular ýygyndysy ýaly dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleri we başga-da ençeme kitaplar bar. Sungat işgäriniň bellemegine görä, bu taslama batyrgaýlygy bilen aýratyn yz galdyran ýazyjylaryň döredijiligine hem-de erkin pikirlenmegi saýlaýan okyjylara goýulýan ýokary sarpanyň nyşanydyr.
Larisa MAMEDOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň 1-nji derejeli redaktory.
PDF








