Elektroulag önümçiligi bilen tanalýan hem bolsa, “Tesla” kompaniýasy jaýlaryň üstüne oturdylan Gün panellerinden elektrik energiýasyny almak, ony gerek wagtynda ulanmak üçin saklamak tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar we bu ugurda dürli taslamalary durmuşa geçirýär. Kompaniýanyň esaslandyrylmagyndaky esasy maksat gündelik durmuşda sarp edilýän elektrik energiýasyny dolulygyna arassa çeşmelerden almak we ulaglaryň hem elektrik energiýasy bilen hereket etmegini üpjün etmekden ybarat. Şeýle bolansoň, kompaniýa häzire çenli elektrik energiýasyny saklaýan birnäçe taslamany durmuşa geçirdi. Bu desgalar Günden alan elektrik energiýasyny saklaýar we ony kadaly ýagdaýda ilatly ýerlere iberdýär. Amerikan brendi Kanadada önümçilik kuwwaty 1 GW/sagat bolan täze energiýa desgasyny gurar. Kompaniýa şeýle at bilen ilkinji energiýa saklaýyş desgasyny 2019-njy ýylda işe girizipdi. Ondan ozalky ýyllarda bolsa, “Powerwall” we “Powerpack” atly desgalary ulanmaga beripdi. Bu desgalar esasan yssy ýurtlarda serginledijileriň has köp ulanylmagy sebäpli energiýa ýetmezçilik edýän ýerlerde kadaly elektrik energiýasyny üpjün etmäge ýardam edýär. “Megapack” atly desgalar “Powerpack”-dan 60% köp energiýa saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu desgany islendik ýerde ornaşdyrmak aňsat bolup, konteýnerler arkaly uzak aralyga iberip bolýar. Bu desga birnäçe batareýalardan ybarat bolýar. Kanadada guruljak desga barada ilkinji gezek 2019-njy ýylda mälim edilipdi. Bu desganyň 2025-nji ýylda ulanyşa berilmegine garaşylýar.
Nuryagdy Baýramdurdyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









