Hy­ta­ýyň Ti­bet aw­to­nom ra­ýo­nyn­da de­ňiz de­re­je­sin­den 4500 metr be­lent­lik­de ly­ža­da taý­mak üçin sport top­lu­my gu­rul­dy. Aw­to­nom se­bi­tiň paý­tagt Lha­sa­dan 120 km uzak­lyk­da­ky bu mer­kez ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da gur­lup­dyr. Gyş pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len işe baş­lan mer­ke­ze sy­ýa­hat­çy­lar hem ba­ryp baş­la­dy. Top­lum 3000-den gow­rak myh­ma­ny ka­bul edip bil­ýär. Bi­ler­men­ler ly­ža mer­ke­zi­niň gu­rul­ma­gy­nyň ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny, bu ýe­re her gyş­da myh­man­la­ryň köp san­ly­sy­nyň gel­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Mer­kez­de gy­şyň gel­şi­ne bag­ly­lyk­da, eý­ýäm okt­ýabr aýyn­dan baş­lap, myh­man­la­ry ka­bul edip bol­ýar. Mer­kez ap­re­le çen­li açyk bo­lar. Tä­ze sport mer­ke­zi sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça we­la­ýat mak­sat­na­ma­sy­nyň mö­hüm üs­tün­li­gi­ne öw­rül­di. Aw­to­nom we­la­ýa­tyň ýol­baş­çy­la­ry onuň uly gel­je­gi üçin “gar” pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de Ti­be­tiň äh­li ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. Hy­ta­ýyň Sy­ýa­hat­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ýurt­da gyş sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň umu­my gir­de­ji­si 2025-nji ýy­la çen­li 1,1 tril­li­on ýu­an­dan ge­çer.

Mäh­rem BA­BA­MY­RA­DO­WA, Ho­jam­baz et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy.