19-20-nji sent­ýabr­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my­na bel­li­ge al­mak açyl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet hem-de Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri bu fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­la­ry hök­mün­de çy­kyş ed­ýär­ler.
«TIF 2024» Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin diý­seň äh­mi­ýet­li hal­ka­ra çä­re­si­ne öw­rü­ler. Fo­ru­ma ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­lar, bi­ler­men­ler we ne­bit-gaz, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, ulag hem ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri gat­na­şar. Şeý­le hem «TIF 2024-e» dün­ýä­niň iň uly ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry, bank­lar, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry hem-de göz­leg mer­kez­le­ri we­kil­çi­lik eder­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kom­pa­ni­ýa­la­ryň Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ry­na gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek üçin äh­mi­ýet­li bol­jak fo­ru­myň üns mer­ke­zin­de bo­lar.
Fo­rum­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň dur­nuk­ly ösüş­dä­ki or­ny, daş­ky gur­şa­wyň dur­nuk­ly­ly­gy, yk­dy­sa­dy bag­la­ny­şyk üçin inf­rast­ruk­tu­ra­ny go­wu­lan­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gy­ny we se­na­gat pu­dak­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek hem-de döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy ýa­ly mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Aý­ry-aý­ry ses­si­ýa­lar «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te we ulag ara­gat­na­şy­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ba­gyş­la­nar. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ry­lar.
Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-gaz, bank, ma­li­ýe, hi­mi­ýa, ulag we ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rer.