Londonyň başga bir topary “Tottenham” şäheriň beýleki bir kluby “West Ham Ýunaýtedden” Mohanmed Kudusy 64 million ýewro transfer etdi. “Tottenham” topary ganaly ýarymgoragçy bilen 6 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Kudus täze toparynda 20-nji belgili köýnekçäni geýer. Hüjüme golaý oýnaýan Kudus “West Hamda” 2 möwsümde 80 oýunda 19 gezek tapawutlandy. Kudus 2023-nji ýylda 45 million ýewro “Aýaksdan” “West Hama” geçipdi. Ol “Aýaksdan” öňem “Norşellandda” 2 möwsüm oýnady. Kudus Gananyň milli ýygyndysynda 42 oýunda 12 goly derwezä girizdi.
Kudus “Tottenham” toparynyň 5-nji transferi bolup, londonlylar ganaly futbolçydan öň Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontal” toparyndan 20 ýaşyndaky goragçy Kota Takaini 6 million ýewro transfer edipdi. “Haýduk Splitten” hem 18 ýaşly horwatiýaly goragçy Luka Wuşkowiçi 14 million ýewro 5 ýyllyk şertnama bilen düzümine goşupdy. Şeýle-de, geçen möwsümde “Tottenhamda” oýnan awstriýaly goragçy Kewin Dansony (24 million ýewro) “Lansdan”, fransiýaly hüjümçi Matys Teli bolsa “Bawariýadan” ymykly öz düzümine geçiripdi.