Alwaro Moratany “Galatasaraýa” ugradan “Milan” kluby ispaniýaly hüjümçiniň öwezini meksikaly oýunçy bilen doldy. “Milan” topary Niderlandlaryň PSW klubunda çykyş edýän meksikaly Santiago Himenesi 32,5 million ýewro transfer etdi. Italýan kluby 23 ýaşyndaky oýunçy bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Himenes PSW-de 105 oýunda 65 gol geçirip, 14 goluň pasyny berdi. Himenes “Milanda” 7-nji belgili köýnekçäni geýer.
“Milan” topary “Çelsiden” portugaliýaly ýyldyz oýunçy Žoao Feliksi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. “Milan” kärende tölegi hökmünde 5,5 million ýewrony iňlis toparyna berer. Şeýle-de “Fiorentinadan” 25 ýaşyndaky ýarymgoragçy Rikkardo Sottil bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. “Milan” kärende tölegi hökmünde 1,5 million ýewrony “Fiorentina” berip, tomusda Sottili 10 million ýewro ymykly düzümine goşup biler. “Monza” toparynyň fransiýaly ýarymgoragçysy Warren Bondo hem “Milanyň düzümine goşuldy. 21 ýaşyndaky ýarymgoragçy “Milan” 4,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Milan” Bondonyň transferi üçin “Monza” toparyna 10+3 million ýewro berer.
Şeýle-de, “Milan” topary 10 ýyllyk oýunçysy Dawide Kalabriany klubdan ugratdy. Soňky ýyllarda “Milanyň” kapitany hem bolan 28 ýaşyndaky Kalabria ýurduň başga bir topary “Bolonýanyň” düzümine goşuldy. Ol möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy.
“Milan” topary alžirli ýarymgoragçysy Ismael Bennaseri Fransiýanyň “Marsel” toparyna ugratdy. Möwsümiň ahyryna çenli kärendesinde şertnama baglaşan “Marsel” “Milana” 1 million ýewro berer we tomusda 27 ýaşyndaky oýunçyny 12+3 million ýewro transfer edip biler. Bennaser 2019-njy ýyldan bäri “Milanda” oýnap gelýärdi.
“Milan” Şweýsariýaly wingeri Noa Okafory-da “Napoli” toparyna kärendesine berdi. “Napoli” topary kärende tölegi üçin “Milana” 1,5 million ýewro tölär. Möwsümiň ahyrynda bolsa “Napoli” ony satyn alyp biler. 20 ýaşyndaky Kewin Zeroli “Milandan” “Monza” transfer bolup, ol möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnar.