Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň tro­pik to­kaý­la­ryn­da ös­ýän «Me­na­ra» aga­jy dün­ýä­dä­ki iň uzyn tro­pik agaç ha­sap­lan­ýar. Ösüm­lik­le­riň «Dip­te­rocar­pacae» maş­ga­la­syn­dan «Sho­rea fa­gue­tia­na» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan bu agaç Ma­laý­zi­ýa­nyň Sa­bah şä­he­rin­dä­ki Da­num jül­ge­sin­de ös­ýär. Gül aç­ýan iň uly ösüm­lik hem ha­sap­lan­ýan «Me­na­ra» aga­jy ma­laý di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «diň, mi­na­ra» diý­me­gi aň­la­d­ýar. Bo­ýy 100 metr­den gow­rak bo­lan bu aga­jy 2018-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da iň­lis we ma­laý alym­la­ry öw­re­nip­dir­ler. Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, bu aga­jyň 3 öl­çeg­li kar­ta­sy taý­ýar­lan­dy.
Eň­ňit­de düýp tu­tan bu aga­jyň ag­ra­my kö­kü­ni ha­sa­ba al­maz­dan 81,5 ton­na ba­ra­bar bo­lup, çür ba­şyn­da ýaý­raw­ly şa­ha­la­ry bar. De­ňiz de­re­je­sin­den 436 metr be­ýik­lik­de gö­ge­rip otu­ran bu aga­jyň berk we uzyn da­mar­la­ry ýe­liň tä­si­ri­ne gar­şy ýy­kyl­man dur­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Alym­lar tu­pa­nyň we şe­ma­lyň az bol­ýan­dy­gy se­bäp­li uzyn agaç­la­ryň ös­me­gi üçin Sa­bah se­bi­ti­niň amat­ly ýer­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. 5 ýyl tö­we­re­gi Azi­ýa­nyň iň be­ýik aga­jy ady­na eýe bo­lan «Me­na­ra» 2023-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ti­ber ser­wi­si (102 metr) ta­py­lan­dan soň Azi­ýa­da 2-nji, dün­ýä­de 3-nji iň uzyn agaç bol­dy.
Dün­ýä­de iň uly agaç Ka­li­for­ni­ýa gy­zyl aga­jy bo­lup, onuň be­ýik­li­gi 116 met­re ýet­ýär. Red­wud mil­li we döw­let se­ýil­gäh­le­rin­de ösüp otu­ran bu aga­jyň ýa­şy­nyň 2 müň 200 ýyl­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu agaç my­da­ma gök öwüs­ýän sek­woý­ýa­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir.