«Communications Earth & Environment» žurnalynda çap edilen täze ylmy barlaglara görä, tropiki tokaýlaryň ýylda öndürýän ägirt uly ýagyn mukdary sebitleriň ykdysadyýetine, aýratyn-da oba hojalygyna milliardlarça dollar girdeji getirýär we olary goramagyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Beýik Britaniýanyň Lids uniwersitetiniň alymlarynyň hasaplamalaryna görä, bu tokaýlyklaryň her gektary ýylda 2,4 million litr ýagyn suwuny emele getirýär. Diňe Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlyklarynda ýagýan ýagynlar sebitiň oba hojalygy pudagyna ýylda, takmynan, 20 milliard amerikan dollary möçberinde peýda getirýär, emma bu tokaýlary goramak we dikeltmek üçin bölünip berilýän maliýe serişdeleri agzalýan girdejiniň ujypsyzja bir bölegini düzýär.
Tokaýlyklar bugarma hadysalary arkaly oba hojalygynyň, suw üpjünçiliginiň hem-de elektroenergetika pudagynyň esasyny düzýän sebit we materik derejesindäki ýagyn ulgamlaryny durnukly saklaýarlar. Tropiklerde tokaýyň her kwadrat metri ýylda, takmynan, 240 litr, Amazoniýada bolsa 300 litre çenli ýagyn emele getirýär. Şol bir wagtda, soňky onýyllyklarda Amazoniýanyň 80 million gektara golaý meýdanynda agaçlaryň köpçülikleýin çapylyp gutarylmagy ýylda, takmynan, 5 milliard dollar möçberindäki ýagyn mukdarynyň azalmagyna getirip, azyk önümçiligine, gidroenergetika we suw howpsuzlygyna ýaramaz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda oba hojalygynyň 85 göterimi doly ýagşa bagly bolan Braziliýanyň ykdysadyýeti bu ýagdaýdan has köp zyýan çekýär, sebäbi ýagynlaryň azalmagy we möwsümleriň gijikmegi soýa we mekgejöwen hasyllylygynyň peselmegine, agyz suwy gorlarynyň gutarmagyna hem-de derýa ulag gatnawlarynyň bökdelmegine sebäp bolýar.
PDF








