“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” oktýabr aýynyň 10-na paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň gurnamagynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara foruma dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işewürleri bilen birlikde daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden hem wekilleriň birnäçesi gatnaşdy.
Bu Halkara çärä Belarus milli tehniki uniwersitetinden gatnaşmaga gelen wekil Nogaç Anna oktýabr aýynyň 11-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda professor-mugallymlary, talyp ýaşlar bilen duşuşmak üçin myhmançylykda boldy. Duşuşygyň barşynda Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmeni Nogaç Anna ikitaraplaýyn bilimi kämilleşdirmek boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler dogrusynda belläp geçdi. Ýokary okuw mekdeplerde okatmagyň innowasion tehnologiýalary, durnukly ösüşiň faktory hökmünde sanly ykdysadyýet, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tebigy we takyk ylymlar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk bolup, onuň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda bilimi kämilleşdirmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi.