XXI asyryň halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň berkemegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk syýasaty diňe bir milli ösüşiň ýol-ýörelgesi bolman, eýsem, dünýä derejesinde parahatçylyga we ynanyşmaga hyzmat edýän nusgalyk başlangyçdyr. BMG tarapyndan üç gezek – 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegi bu ýörelgäniň dünýäde giň goldaw tapýandygyny görkezýär. Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Kararnamasy esasynda dünýäde ilkinji gezek halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň özbaşdak daşary syýasat ýörelgesidir, halkara hukugy taýdan berk üpjün edilendir, ol dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmen Bitaraplygy döwletiň daşary syýasatynyň merkezinde parahatçylyk, diplomatiýa we ynanyşmak ýörelgelerini goýýar. Bitaraplyk daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin amatly meýdança döredýär. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny deňhukukly esasda ösdürýär. Türkmenistan döwletimiz halkara gepleşiklerini geçirmek üçin bitarap meýdança bolup, sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze modellerini teklip edýär, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň berkemegi üçin dialog platformalaryny döredýär. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny ýokarlandyrýar.
Şeýle hem Merkezi Aziýa geosyýasy taýdan möhüm sebit bolup, onuň durnuklylygy tutuş dünýä ykdysadyýetine hem täsir edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly sebitiň parahatçylygyny goldaýan başlangyçlary öňe sürýär. Halkara energetika dialoglarynda ynamly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Energetika geçelgeleriniň diwersifikasiýasy boýunça teklipler dünýäniň ykdysady howpsuzlygyna hyzmat edýär. Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasynda ynamdar üstaşyr ýurda öwrüldi, halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny emele getirdi.
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklar nazaryýetinde bitaraplyk institutyna aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Hemişelik bitaraplygyň beýleki döwletler tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti, onuň hukuk taýdan hereket etmegi üçin halkara derejede berkidilmegi, halkara gatnaşyklary utgaşdyryjy, gapma-garşylyklary sazlaýjy, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edýän gural hökmünde dürli ynsanperwer ylymlaryň nukdaýnazaryndan öwrenilýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary üns berilmäge mynasypdyr.
Geçen 30 ýyl türkmen Bitaraplygynyň BMG-niň esasy ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 3-nji gezek biragyzdan kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Bitaraplygyň dünýä syýasaty üçin uly ähmiýetine we onuň häzirki zaman strategik kuwwatyna ýokary baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Milli Liderimiziň eserleri türkmen halkynyň ruhuna, däp-dessurlaryna siňen parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýasynyň asyl many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk ýörelge hökmünde häzirki döwrüň möhüm gymmatlyklary bolan parahatçylyk, ynanyşmak, ösüş, durnuklylyk we ynsanperwerlik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bitaraplygyň ýörelgelerine ygrarlylyk we olaryň dünýäde işjeň wagyz edilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrýar, sebitleýin parahatçylyga goşant goşýar, dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrýar.
Şonuň üçin hemişelik Bitaraplyk diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, häzirki zaman diplomatiýasynyň hem dünýä nusgalyk tejribesidir.
Gülşirin ÇARYGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.
PDF









