Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Kerim Kerimow 2025-nji ýylyň 7-10-njy fewraly aralygynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän 29-njy Halkara ýaryşynyň ilkinji gününde 71 kg agramy bilen söweş sambosy boýunça ýaryşa gatnaşyp kümüş medala mynasyp boldy.
Şeýle hem “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Selbi Burhanowa 2025-nji ýylyň 8-nji ferwalynda Dzýudo boýunça Aşgabat şäheriniň 2025-nji ýylyň Açyk çempionatynda 2003-2008-nji ýyllarda doglan zenanlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.
Çeşme: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty