Türkmen döwlet maliýe instituty 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda sagat 1500-da 2025/2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin
«AÇYK GAPYLAR»
gününi geçirýär
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutyň gurluş düzümi, institutda bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň ugurlary, okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň geçirilişi, institutyň ösüş taryhy barada maglumat berýän muzeýi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1987-nji köçäniň (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly) 112-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 49-88-52, 49-07-92, 49-63-09.