Germaniýanyň Bundestagynda (parlament) geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynda Hristian-demokratik bileleşigi we Hristian-sosial bileleşiginiň (HDB/HSB) lideri Fridrih Mers Kansler wezipesine bellendi. Onuň dalaşgärligine 325 deputat ses berdi, 289 deputat bolsa, garşy ses berdi, biri saklandy. Ses berişlikde ýeňiş gazanmak üçin Mers azyndan 316 ses almalydy.
6-njy maýda Hristian-demokratik bileleşigi we Hristian-sosial bileleşiginiň lideri Fridrih Mers ýurduň täze Kansleri hökmünde kasam kabul etdi. Şeýlelikde, Germaniýada täze hökümet gurmak prosesi tamamlandy, täze Kansleriň 17 ministri kasam kabul edip, wezipesine girişdiler.
Mersiň ýolbaşçylygyndaky bileleşik fewral aýynyň ahyrynda Bundestaga geçirilen federal saýlawlarda ýeňiş gazandy. Aprel aýynyň başynda HDB/HSB Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy bilen dolandyryjy koalisiýa döretmek barada ylalaşyk gazandy. Mers 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda HDB-niň lideri saýlandy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Bundestagdaky HDB/HSB fraksiýasy 2025-nji ýyldaky saýlawlara Mersi Kansler wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi. Häzir syýasatçy 69 ýaşynda. Mers liberal-konserwatiw ugruň tarapdary hasaplanýar. 27 ýurtdan ybarat Ýewropa Bileleşiginiň iň köp ilatly ýurdy Germaniýa yklymyň iň uly ykdysadyýetine eýedir.