Türkmenistan bilen Gazagystan goňşy, taryhy-medeni taýdan ýakyn, sebitiň durnuklylygynda we ösüşinde möhüm orun eýeleýän döwletlerdir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat we deňhukukly hyzmatdaşlyk düzýär. Türkmen – gazak gatnaşyklary häzirki wagtda syýasy, ykdysady, medeni, halkara we energetika ugurlarynyň birnäçesi boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bu babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary hem uly ähmiýete eýedir. Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, bu gezekki saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de hormatly Prezidentimizi Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – «Altyn Kyran« ordeni bilen sylaglady.
Astanada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
«Akorda» köşgünde hormatly Prezidentimiziň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşinde söwda dolanyşygy, energetika, ulag-logistika we oba hojalygy möhüm orny eýeleýär. Bu ugurlarda giň mümkinçilikler bar we ýylyň-ýylyna hyzmatdaşlyk giňelýär.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynda möhüm orun tutýan söwda dolanyşygy ýylda durnukly depginde ösýär. Energetika hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm bölegidir. Türkmenistan öz tebigy gazyny we energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmakda sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Gazagystan hem sebitiň energetika howpsuzlygynyň möhüm gatnaşyjylarynyň biridir.
Iki döwletiň arasynda suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Serhetýaka derýalaryň we suw serişdeleriniň netijeli paýlanmagy boýunça yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem maldarçylyk, ekinçilik, tohumçylyk we tehnologiýalar babatda ýygjam gatnaşyklar ösdürilýär.
Türkmen–gazak hyzmatdaşlygynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de ulag-logistika ulgamydyr. Iki ýurduň çägi arkaly Gündogar–Günbatar, Demirgazyk–Günorta ugurlarynda halkara üstaşyr mümkinçilikler bar. Iki ýurduň arasynda ulag-logistika babatda bilelikdäki tagallalar netijesinde Türkmenistan–Gazagystan–Eýran demir ýoly sebitleýin söwdanyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlary bilen Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasyndaky hyzmatlaryň giňeldilmegi, Merkezi Aziýadan Gündogara we Ýewropa iberilýän ýükleriň akymynyň artmagy türkmen–gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Taryhda türkmenler bilen gazaklaryň ruhy-medeni taýdan ýakyn gatnaşykda bolandygy bellidir. Şonuň üçin bu günki gün iki döwletiň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Hoşmeýilli, dostana gatnaşyklar halklaryň arasyndaky ruhy jebisligiň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Türkmen–gazak hyzmatdaşlygy dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk öz nobatynda tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine hem uly goşant goşýar.
Ahun BABAHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









