(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2024-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ny)

Hor­mat­ly Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň
Pre­zi­den­ti je­nap Ýun Sok Ýol!
Ga­dyr­ly myh­man­lar!
Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Şu gün biz Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­na gat­naş­ýa­rys. Müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Ýun Sok Ýo­la mas­la­ha­ta gat­naş­ýan­dy­gy we türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­ris. Bu fo­ru­ma türk­men hem-de ko­reý işe­wür­le­ri­niň, iň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek.
Bil­şi­miz ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk has ýo­ka­ry de­re­je­le­re çyk­dy. Esa­san-da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da gat­na­şyk­la­ry­myz ösü­şiň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­di hem-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça 105 sa­ny res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Şo­lar­dan 26-sy döw­le­ta­ra we hö­kü­me­ta­ra res­mi­na­ma­lar, 79-sy bol­sa pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar bo­lup dur­ýar.
Iki ýur­duň ara­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk soň­ky ýyl­lar­da has-da ber­ke­ýär. Türk­me­nis­tan­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ma­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da 13 sa­ny kär­ha­na ha­sa­ba alyn­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li ýur­du­myz­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy 11 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan 14 sa­ny ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy bar.
Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de ga­zy kü­kürt­den aras­sa­la­ýan za­wo­dyň; Gy­ýan­ly­da­ky po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şyk­la­ry; Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi; «Hy­un­dai» ky­sym­ly 1630 sa­ny aw­to­bu­suň we 300 sa­ny ýe­ňil tak­si aw­tou­la­gy­nyň sa­tyn alyn­ma­gy ýa­ly iri tas­la­ma­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da «Ko­ryo Ship­bu­il­ding In­dust­ry Techno­lo­gy Co., Ltd.» gä­mi gur­lu­şyk se­na­ga­ty teh­no­lo­gi­ýa kär­ha­na­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dyn­da iki sa­ny gu­ry ýük gä­mi­si­niň gur­lu­şy­gy hem al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar öz­bo­luş­ly hä­si­ýe­te eýe bo­lup, bir­nä­çe ne­ti­je­li dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk edil­ýär. Ýag­ny Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry, «Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy – Türk­me­nis­tan» par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da he­re­ket edip gel­ýär. «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy» hyz­mat­daş­lyk fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de hem dür­li ul­gam­lar ba­bat­da wa­jyp çöz­güt­ler ka­bul edi­lip, bu ugur­da­ky gat­na­şyk­lar di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de däl-de, eý­sem, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de-de iş­jeň hä­si­ýet­de do­wam et­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2024-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň 9-njy mej­li­si­niň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mej­li­siň do­wa­myn­da ta­rap­la­ryň ara­syn­da şu de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­mak mö­hüm ha­sap­lan­dy:
– söw­da we ma­ýa go­ýum, hi­mi­ýa, ne­bit­gaz pu­da­gy, gä­mi gur­lu­şy­gy, ulag-lo­gis­ti­ka, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, me­de­ni­ýet, bi­lim ul­ga­my ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek;
– iki ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri­niň we işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak;
– şu ýy­lyň 11-nji iýu­nyn­da Aş­ga­bat­da Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek. Biz, ine, şu mas­la­ha­ty ge­çi­rip oty­rys.
Hor­mat­ly adam­lar!
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da we ma­ýa go­ýu­my hö­wes­len­dir­mek ba­bat­da bin­ýa­dy dö­ret­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çek­mek tek­lip edil­di. Bu res­mi­na­ma ener­ge­ti­ka, se­na­gat, söw­da, ma­ýa go­ýum­lar, «ýa­şyl» we san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Ta­rap­lar iki ýur­duň ara­syn­da ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li do­wam et­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň IV tap­gy­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi­niň Türk­me­nis­tan­da gaz pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant bol­jak­dy­gy ba­ra­da nyg­tal­dy. Bu ugur­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni bi­len «Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Çar­çu­wa­ly yla­la­şyk gol çek­mek üçin taý­ýar­la­nyl­dy we şo­nuň esa­syn­da «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň we «Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň IV tap­gy­ryn­da ön­dü­ri­ji­li­gi ýyl­da 10 mil­liard kub metr ha­ryt­lyk ga­zy taý­ýar­laý­jy des­ga­la­ry we gu­ýu­la­ry do­ly taý­ýar edip gur­mak şer­ti bi­len tas­la­ma­laş­dyr­mak, sa­tyn al­mak we gur­mak tas­la­ma­sy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Çar­çu­wa­ly yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da türk­men ta­ra­py Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy­nyň do­ly önüm­çi­lik kuw­wa­ty­na ýe­ti­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni bi­len «Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dyn­da top­lum­la­ýyn teh­ni­ki bar­lag-au­dit ge­çir­mek ba­ra­da bag­la­şy­lan şert­na­ma­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça po­li­mer za­wo­dy­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tas­la­ma­nyň mun­dan beý­läk-de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­di. Bu iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­ra­da «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň we «Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy­nyň üs­tün­lik­li işe gi­ri­zil­me­gi we dur­nuk­ly iş­le­me­gi üçin ze­rur çä­re­le­riň we iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­ra­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek mak­sa­dy bi­len, işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­ny, ser­gi­le­ri hem-de söw­da ýar­mar­ka­la­ry­ny gu­ra­mak, Türk­me­nis­tan­da we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek ýa­ly bi­le­lik­dä­ki çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Ko­re­ýa­nyň eks­port-im­port ban­ky­nyň, Söw­da äti­ýaç­lan­dy­ryş kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky­nyň, şeý­le-de ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan­da gel­jek­ki tas­la­ma­lar üçin ma­li­ýe hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler.
Hor­mat­ly adam­lar!
Hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi, Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­ke­zi bi­len Kýon­puk mil­li uni­wer­si­te­ti­niň ýa­nyn­da­ky «Çil­gok» has­sa­ha­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Me­de­ni­ýet gün­le­ri, fes­ti­wal­lar, kon­sert­ler, ser­gi­ler ýa­ly me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek­de, bu ba­bat­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­mak­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek hem ne­ti­je­li ugur hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da ýaş­la­ryň ara­syn­da ko­reý di­li­ni öw­ren­mä­ge hö­we­siň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek is­le­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ko­reý di­li­niň öw­re­dil­me­gi, ko­reý di­li bo­ýun­ça ýö­ri­te ka­fed­ra­la­ryň açyl­ma­gy, paý­tag­ty­myz­da Pa­ty­şa Se­jong adyn­da­ky ko­reý di­li­ni öw­red­ýän okuw mer­ke­zi­niň üs­tün­lik­li he­re­ket et­me­gi aý­dy­lan­la­ra aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar. Biz gel­jek­de-de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­zy pug­ta­lan­dyr­mak ar­ka­ly halk­la­ry­my­zy ýa­kyn­laş­dyr­mak ba­bat­da äh­li ta­gal­la­la­ry ede­ris.
Hor­mat­ly mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar!
Men şu gün­ki fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri­niň türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi ber­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn. Sö­zü­miň ahy­ryn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Ýun Sok Ýo­la hem-de äh­li ko­reý we­ki­li­ýe­ti­ne ýe­ne-de bir ge­zek min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.