Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ta­ryh­da my­na­syp yz goý­ma­gy ba­şa­ran şah­sy­ýet­le­ri­mi­ze aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Adat­dan da­şa­ry ze­hin­li­ler – ge­ni­ler mil­le­tiň yk­ba­ly­nyň ku­ýa­şy­dyr. Olar adam­za­dyň ha­ky­da­syn­da öl­mez-ýit­mez bo­lup gal­ýar­lar» di­ýen dür­dä­ne jüm­le­sin­den ugur alyp, türk­men kom­po­zi­to­ry Da­ňa­tar Öwe­zo­wyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry oky­jy­la­ra ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si Da­ňa­tar Öwe­zow ze­hin­li, Türk­me­nis­ta­nyň saz me­de­ni­ýe­ti­ni baý­laş­dy­ran kom­po­zi­tor­çy­lyk mek­de­bi­niň görnükli we­kil­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň dö­re­di­ji­li­gi žanr­la­ry­nyň köp­dür­lü­li­gi, mu­kam­la­ry­nyň my­la­ýym­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
1911-nji ýyl­da Ma­ry­nyň Mülk­ýu­sup oba­syn­da dog­lan saz sun­ga­ty­nyň us­sa­dy ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­dan baş­lap üf­le­nip ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry or­kest­ri üçin il­kin­ji eser­le­ri dö­red­ýär. Mu­ňa ýaş kom­po­zi­to­ryň «Py­ýa­la», «Sen-sen», «Bi­bi jan», «Ba­dy sa­ba», «Daş gal­dy» ýa­ly halk saz­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar. Türk­men tir­me­çi­lik, des­san­çy­lyk ýo­lu­na ýug­ru­lan D.Öwe­zo­wyň mil­li saz­la­ry­na mah­sus aja­ýyp şi­rin owaz­ly heň­le­ri onuň kom­po­zi­tor­çy­lyk us­sat­ly­gyn­da­ky ýo­ka­ry pro­fes­sio­nal dö­re­di­ji­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Kom­po­zi­to­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de mö­hüm or­ny wo­kal saz­la­ry tut­ýar. Us­sat kom­po­zi­tor türk­men ope­ra sun­ga­ty­nyň aja­ýyp nus­ga­la­ry­ny dö­re­di­ji­dir. Olar­dan «Seý­di», «Şa­se­nem-Ga­ryp» we «Leý­li-Mej­nun» ope­ra­la­ry sah­na žan­ry bi­len has ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Özü­niň ope­ra­la­ryn­da, wo­kal-sim­fo­ni­ki saz­la­ryn­da, ka­me­ra-wo­kal eser­le­rin­de mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­ny, pag­ta­çy­la­ryň, gur­lu­şyk­çy­la­ryň, ne­bit­çi­le­riň we ba­lyk­çy­la­ryň eder­men­lik­le­ri­ni wasp ed­ýän us­sat kom­po­zi­to­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de aý­dym­lar hem uly orun eýe­le­ýär. Mag­tym­gu­ly, Mol­la­ne­pes ýa­ly nus­ga­wy şa­hyr­la­ryň, G.Se­ýit­li­ýew, A.Ke­ki­low, R.Se­ýi­dow ýa­ly öz dö­wür­deş şa­hyr­la­ry­nyň goş­gu­la­ry­na dö­re­den saz­la­ry türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ösü­şin­de uly or­ny eýe­le­ýän D.Öwe­zow aý­dyň he­ňi, äheň­le­ri­niň ter­li­gi, öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len diň­leý­ji­le­riň gyz­gyn söý­gü­si­ni ga­za­nan köp san­ly so­lo, hor we est­ra­da aý­dym­la­ry­nyň aw­to­ry­dyr.
D.Öwe­zow dört ope­ra­nyň, 100-den gow­rak aý­dy­myň, şon­ça-da hor üçin ese­riň, şeý­le hem or­kestr üçin bir­nä­çe ese­riň aw­to­ry­dyr. Bir­nä­çe ýyl­lap Türk­me­nis­ta­nyň Kom­po­zi­tor­lar bi­le­le­şi­gi­ne ýol­baş­çy­lyk eden ha­ly­pa­nyň eser­le­ri­ne hal­ky­myz uly is­leg bil­dir­ýär. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da ýur­du­my­zyň iň go­wy aý­dym­çy­la­ry­nyň ses­le­ri bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de onuň ope­ra­la­ry­nyň gah­ry­man­la­ry jan­lan­dy­ryl­ýar. Wo­kal­çy­lar we hor to­par­la­ry us­sat kom­po­zi­to­ryň aý­dym­la­ry­ny, sa­zan­da­lar bol­sa meş­hur kan­ta­ta­la­ry­ny we beý­le­ki eser­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Da­ňa­tar Öwe­zo­wyň ady Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­ne da­kyl­dy. Ha­ly­pa­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi yk­ba­ly­ny aý­dym-saz bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan ýaş­la­ryň gö­rel­de al­ma­gy üçin nus­ga­lyk­dyr.
D.Öwe­zo­wyň dö­re­di­ji­li­gi di­ňe bir türk­men saz me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne go­şant goş­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, türk­men hal­ky­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­sin­de giň­den ta­nat­ma­ga hem ýar­dam ber­ýär. Onuň eser­le­ri, hä­zir­ki za­man türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne tä­sir ed­ýän, ne­sil­den-nes­le geç­ýän mi­ras hök­mün­de do­wam ed­ýär. Şeý­le­lik bi­len, türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we saz sun­ga­ty­nyň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de hal­ky­my­zyň ýü­rek­le­rin­de ebe­di orun alan us­sat kom­po­zi­to­ryň dö­re­di­ji­li­gi ýaş­la­ra yl­ham ber­ýän mi­ras hök­mün­de do­wam ed­ýär.

Şem­şat Al­la­ba­ýe­wa,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň umumy fortepiano bölüminiň müdiri.