Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry hem-de bi­möç­ber gol­daw-ala­da­la­ry bi­len türk­men spor­ty Ýer ýü­zün­de be­lent de­re­je­le­re çyk­dy. Sag­dyn­ly­gyň hem-de spor­tuň ýur­dy hök­mün­de özü­niň ab­ra­ýy­ny gün­sa­ýyn be­len­de gal­dyr­ýan türk­men döw­le­ti spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­leş­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler bo­lan ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu asyl­ly iş­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dur.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, türk­men tür­gen­le­ri iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Bi­ziň ýur­du­myz hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­de dür­li gör­nüş­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge-de ukyp­ly we kuw­wat­ly ýurt. 2017-nji ýyl­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýur­du­myz­da ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­daý­da ge­çi­ril­me­gi bi­len türk­men spor­ty­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­dy. Onuň yzy­sü­re ýur­du­myz­da köp san­ly hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­dyr. Ýer şa­ry­nyň iri ýa­ry­şy köp san­ly üs­tün­lik­ler hem-de tä­ze re­kord­lar bi­len spor­tuň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Bu sport ýa­ry­şy bi­ziň tür­ge­ni­miz üçin hem üs­tün­lik­li bol­dy. Agyr at­le­ti­ka­çy tür­ge­ni­miz Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa­nyň şol ýa­ryş­da ga­za­nan üs­tün­li­gi hem-de er­jel­li­gi onuň ýo­ka­ry de­re­je­le­re my­na­syp bol­ma­gy­na ge­tir­di. Ýa­ry­şyň üs­tün­den bir­nä­çe ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, türk­men tür­ge­ni­niň şol ýa­ryş­da­ky yna­my ony mün­be­riň çür de­pe­si­ne çy­kar­ma­ga kö­mek et­di. Ol 2 ýyl­dan soň­ra özü­niň «my­na­syp» al­tyn me­da­ly­nyň eýe­si bol­dy. Bu hoş ha­bar Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň türk­men spor­tu­ny dün­ýä ta­na­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ibe­ren ha­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­di. Tür­gen­le­ri­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len we gös-gö­ni gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çir­ýän giň ge­rim­li iş­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir.
Türk­men tür­ge­ni­niň ga­za­nan üs­tün­li­gi ata Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men ýaş­la­ry­nyň sag­dyn be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi, ola­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ne bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ma­gy, ukyp-ba­şar­nyk­la­yr­ny dün­ýä de­re­je­sin­de su­but et­me­gi ba­bat­da alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň ýe­ne-de bir yk­rar­na­ma­sy­dyr.
Hal­ka­ra de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak Türk­me­nis­tan­da 2021-2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­mak hem-de ös­dür­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­nyň, beý­le­ki döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Ýur­du­myz­da spor­tuň ös­dü­ril­me­gi üçin uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Di­ňe Di­ýa­ry­my­zyň şä­her­le­rin­de däl, eý­sem, oba­lar­da hem dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar we sport top­lum­la­ry, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri gu­rul­dy we gu­rul­ýar. Hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gu­rul­ýan sport dü­züm­le­ri hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ryn­da my­na­syp bäs­le­şip bil­jek tür­gen­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li amat­lyk­la­ra eýe­dir. Mu­nuň özi türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti hem-de Sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da Türk­me­nis­tan­da spor­tuň en­çe­me gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­to­mo­bil, suw­da­ky gör­nüş­le­ri, hok­keý we buz­da typ­mak, ker­ling, bou­ling, bil­ýard ýa­ly ýur­du­myz üçin tä­ze gör­nüş­le­ri ös­dü­ril­ýär. Mil­li at­çy­lyk spor­tu­ny dün­ýä gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak üçin hem uly iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça her ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni bel­le­mek ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­me­gi hem spor­ty ös­dür­mek­de ýur­du­my­zyň go­şan­dy­nyň ulu­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, onuň yzy­sü­re ge­çi­ri­len «Amul – Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem-de Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­nat­la­ry türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri bo­lup dur­ýar. Şu ýyl ýur­du­myz­da We­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny hem-de De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ry­ny, 2022-nji ýyl­da bol­sa sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mä­ge iş­jeň taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi hem türk­men döw­le­tin­de ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň esa­sy wa­gyz­na­ma­sy bo­lar.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ady bi­len geç­ýän ýy­lyň il­kin­ji aýyn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­bar­lar üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Bä­gül ME­RET­DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.