«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuş senesinde üýtgeşme yglan etdi. Öň 9-njy maýda meýilleşdirilen (T5 715/716) gatnawlaryň senesi üýtgäp, uçuş 10-njy maýda meýilleşdirildi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Täzelenen tertibe laýyklykda, «T5715» uçary Aşgabatdan Moskwa 10-njy maýda ýerli wagt bilen 09:05-de uçup, Russiýanyň paýtagtyna 10:55-de barar. Yza gaýdyp gelýän «T5716» uçary Moskwadan Aşgabada şol gün 12:20-de uçup, ýerli wagt bilen 18:00-da türkmen paýtagtyna geler. Ýolagçylar awiakompaniýanyň wekilhanalaryndan goşmaça maglumat alyp bilerler.
Esasy Bildirişler «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça 9-njy maýda meýilleşdirilen...