Italiýanyň Bari şäherinde RAI teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli «Prix Italia-2023» festiwaly geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde RAI teleýaýlymynyň prezidenti, teleýaýlymyň söwda we alyş-çalyş bölüminiň müdiri Italiýanyň daşky gurşawy goramak ministri hem-de Bari şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň ählisi hem geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada bolup, RAI teleýaýlymy bilen ähtnama baglaşmak barada pikir alşyldy.