5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söh­bet­deş­ler mä­hir­li sa­lam­la­şyp, bi­rek-bi­re­gi, iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­ny mu­kad­des Ora­za aýy­nyň baş­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar we bu mü­bä­rek aý­da edil­jek do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öza­ra hor­mat goý­ma­ga, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şeý­le hem döw­let Baştutanymyz Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ab­dul La­tif Ra­şi­de mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan et­di.
Dost­luk­ly ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Prezidentimize Yra­gyň döw­let Baş­tu­ta­ny Ab­dul La­tif Ra­şi­diň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de ýurt­da Türk­me­nis­tan bi­len dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da türk­men-yrak hyz­mat­daş­ly­gy dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry umu­my bo­lan iki hal­kyň kö­pa­syr­lyk gat­na­şyk­la­ry bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­me­nis­tan we Yrak Res­pub­li­ka­sy sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňeld­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýer­ýän da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny hem-de BMG-niň meý­dan­ça­syn­da, beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­ler­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy üçin yrak ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iki­ta­rap­la­ýyn dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Aş­ga­bat­da Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy we onuň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin äh­li amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Türk­me­nis­tan öz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek sy­ýa­sa­ty­na berk eýer­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýyl mun­dan ozal Türk­me­nis­tan bi­len Yra­gyň gaz pu­da­gyn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­re gi­ri­şen­dik­le­ri hem-de her ýyl 10 mil­liard kub metr türk­men te­bi­gy ga­zy­ny goň­şy Eý­ra­nyň çä­gin­den «swap» usu­lyn­da Yra­ga iber­mek bo­ýun­ça düýp­li yla­la­şy­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy aý­dyl­dy. Prem­ýer-mi­nistr Mo­ham­med Şi­ýa Al Su­da­ni Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, mu­nuň üçin ze­rur iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2025-nji ýy­lyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy we Prem­ýer-mi­nistr Mo­ham­med Şi­ýa Al Su­da­ni­ni bu we­kil­çi­lik­li mas­la­ha­ta gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Dost­luk­ly ýur­duň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy ça­ky­ly­gy ho­şal­lyk bi­len ka­bul edip, bu çä­re­le­re gat­naş­ma­gyň özi üçin uly hor­mat bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le-de ol Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Söh­bet­deş­ler iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän beý­le­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça hem pi­kir alyş­dy­lar.
Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Yrak Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med Şi­ýa Al Su­da­ni öza­ra bäh­bit­li döw­le­ta­ra dia­lo­gyň iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.