24-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň Aş­ga­bat­da sa­par bi­len bol­ýan Ga­na Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler we se­bit­le­ýin in­teg­ra­si­ýa mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Kwa­ku Amp­rat­wum Sar­pon­go­myň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Söh­bet­deş­lik­le­riň bar­şyn­da Mi­nistr iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni we yn­san­per­wer ugur­la­ryň giň ge­ri­min­de öza­ra gat­na­şyk­la­ry has-da güýç­len­dir­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan, ýa­kyn­da iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da bo­lan sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki gün ter­ti­bi­ni ara alyp mas­la­hat­la­şan ta­rap­lar, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­na­nyň ara­syn­da yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da we se­na­gat pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri bel­le­di­ler. Ta­rap­lar me­de­ni we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry, şol san­da bi­lim pu­da­gy­ny güýç­len­dir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.
Söh­bet­deş­lik­le­riň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ga­na Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler we se­bit­le­ýin in­teg­ra­si­ýa­sy mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ha­kyn­da Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di.