30-njy de­kabr­da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da Ru­hy­ýet köş­gün­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­dä­ki soň­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň je­mi­ni jem­le­di we 2021- nji ýyl­da edil­me­li iş­le­riň üs­tün­de du­rup geç­di.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň bel­le­nen ýy­ly hök­mün­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da mü­di­mi­lik gal­jak «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly ta­mam­la­nyp bar­ýar. Bu ýyl bi­ziň üçin örän agyr we çyl­şy­rym­ly bol­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy­nyň giň­den ýaý­ra­ma­gy­na, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pe­se düş­me­gi­ne, äh­li döw­let­ler­de işe­wür­li­giň we ser­het­le­riň ýa­pyl­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy hem-de yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­ni pe­se dü­şür­män­di­gi bel­le­nil­di.

Giň ge­rim­li hyz­mat­daş­lyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar
Ga­raş­syz döw­le­ti­miz beý­le­ki ýurt­lar, esa­sy hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny bel­le­nen de­re­je­de gi­ňelt­di we ber­kit­di. Örän mö­hüm hal­ka­ra so­rag­la­ry­ny çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li tek­lip­ler bi­len çy­kyş et­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Ge­çip bar­ýan ýyl­da hal­ka­ra sa­par­la­ry­nyň hem ama­la aşy­ry­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti res­mi sa­par bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ýur­du­my­za iş sa­pa­ry ama­la aşy­ryl­dy.
Şeý­le hem mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň on­laýn gör­nü­şin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len en­çe­me köp­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ra, şol san­da:
Tür­ki dil­li döw­let­le­riň Hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň «COVID-19» pan­de­mi­ýa­sy­na gar­şy gö­reş­de hyz­mat­daş­lyk we raý­daş­lyk» at­ly mow­zuk bi­len ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki wi­deo­du­şu­şy­gy­na; Go­şu­lyş­maz­lyk he­re­ke­ti­niň Gat­na­şyk to­pa­ry­nyň «Bi­le­lik­de COVID-19-a gar­şy» at­ly mow­zuk bi­len ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­gy­na; Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­ga; Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne gat­na­şan­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de hem-de Hal­ka­ra De­mir­ga­zyk Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk fo­ru­myn­da wi­deo­ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň Baş di­rek­to­ry bi­len du­şuş­dy.
Bi­ziň mö­hüm hal­ka­ra me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li tek­lip­le­ri­miz dün­ýä­niň esa­sy hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy di­ýip, hormatly Prezidentimiz sö­zü­ni do­wam et­di. Mu­ňa my­sal hök­mün­de Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň 47-nji mej­li­sin­de «Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de we bü­tin dün­ýä­de hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny hem-de dur­nuk­ly ösü­şi gol­da­mak­da we pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni gör­kez­mek bo­lar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça we Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy bi­len 2020-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny we dur­nuk­ly ösü­şi gol­da­mak we pug­ta­lan­dyr­mak işin­de bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Biz Ow­ga­nys­tan­da dur­muş-yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam ber­mek ar­ka­ly bu ýur­dy hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­dyk di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Umu­man, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň res­mi we­kil­le­ri, şol san­da döw­let hem-de hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry, ýur­du­myz­da ýer­le­şen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň baş­tu­tan­la­ry, şeý­le hem dür­li hal­ka­ra kor­po­ra­si­ýa­la­ry­nyň we kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len 20 ge­zek iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy, 40 ge­zek hem te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­gi ge­çi­ril­di di­ýip, döw­let Baştutany­myz aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş ug­ru­nyň, ozal­ky­sy ýa­ly, pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­kit­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­di.

Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na we hä­kim­le­re ýüz­le­nip, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ryny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy we köp ýurt­la­ryň çäk­len­dir­me çä­re­le­ri­ni gi­ri­zen şert­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Dür­li se­na­gat pu­dak­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li iş­läp dü­züp hem-de ama­la aşy­ryp, hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da hem öz wag­tyn­da ze­rur çä­re­le­riň gör­len­di­gi bel­le­nil­di. Ýur­du­my­za ýo­kanç ke­sel­le­riň ara­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler­den da­şa­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ep-es­li ber­kit­dik we hä­zir hem bu işi do­wam ed­ýä­ris. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, iň döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len Hal­ka­ra ýa­nyk şi­kes­le­ri­ni be­je­riş we Es­te­ti­ki mer­kez­le­ri, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da hä­zir­ki za­man «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­sy, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant oba­syn­da Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy işe gi­ri­zil­di.

Yk­dy­sa­dy we dur­muş ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­ri göz öňün­de tu­tup, biz ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň pe­se düş­me­gi­ne ýol ber­mez­lik üçin ha­ýal et­män äh­li ze­rur bo­lan çä­re­le­ri gör­dük di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy. Şu ýyl Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 49, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň 13 mej­li­si, döw­let de­re­je­sin­de dür­li mas­la­hat­la­ryň hem 57-si ge­çi­ril­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň hem-de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­lis­le­rin­de, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki du­şu­şyk­lar­da çyl­şy­rym­ly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we dur­muş ýag­daý­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu so­rag­lar bo­ýun­ça döw­le­ti­mi­ziň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ugur al­nyp, de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di, ze­rur bo­lan res­mi­na­ma­la­ra hem gol çe­kil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz döw­let do­lan­dy­ry­şy, içer­ki hem-de da­şar­ky ma­li­ýe, söw­da ul­gam­la­ry, şeý­le hem zäh­met we ha­ryt ba­zar­la­ry ýa­ly ugur­lar­da öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­giň dep­gin­le­ri­niň güýç­len­di­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Bu bol­sa or­ta möh­let­li dö­wür­de önüm­çi­li­giň möç­ber­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň hem-de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň öz wag­tyn­da dog­ry ka­rar­la­ry we çöz­güt­le­ri ka­bul et­me­gi, saz­la­şyk­ly, ne­ti­je­li hem-de mak­sa­da ok­gun­ly iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň giň­den gol­da­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýet­de we da­şa­ry sy­ýa­sat­da oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gyň gi­re­wi bol­dy. Ne­ti­je­de, çyl­şy­rym­ly şert­le­re ga­ra­maz­dan, şu ýyl bi­ze örän köp iş­le­ri bi­tir­mek we köp san­ly me­se­le­le­ri çöz­mek ba­şart­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da we­kil­çi­lik­li hem-de ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek işi al­nyp ba­ryl­ýar.
Hal­ka­ra çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly ýu­bi­le­ýi giň­den bel­le­nil­di. Umu­man, 2020-nji ýyl üçin göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň äh­li­si di­ýen ýa­ly üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz gel­jek ýyl üçin go­wy Döw­let býu­je­ti­niň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­be­ri­ni ýe­ne-de 10 gö­te­rim art­dyr­dyk. Zäh­met hak­la­ry­ny tö­le­mek­de hem hiç hi­li me­se­le ýok.

2020-nji ýyl­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler
2020-nji ýy­lyň üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da aýt­mak bi­len, hormatly Prezidentimiz şu ýyl 1 mil­li­on 476 müň ton­na gal­la ýyg­na­lyp, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz­da 1 mil­li­on 280 müň ton­na pag­ta ha­sy­ly ýyg­nal­dy. Mun­dan baş­ga-da, hä­zir­ki dö­wür­de umu­my şert­na­ma ba­ha­sy 37 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly iki ýa­rym mü­ňe go­laý des­ga­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu gur­lu­şyk­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň örän giň ge­rim­li­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de aja­ýyp bi­na­lar gu­rul­ýar, tä­ze iri ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry dö­re­dil­ýär. Müň­ler­çe ki­lo­met­re uza­ýan tiz­lik­li aw­to­mo­bil­dir po­lat ýol­lar gur­lup, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry eme­le ge­ti­ril­ýär. Ama­la aşy­ryl­ýan bu tu­tum­ly iş­ler bi­ziň ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge goş­ýan sal­dam­ly go­şan­dy­myz­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de umu­my ba­ha­sy 7 mil­liard ma­na­da go­laý bo­lan 45 sa­ny iri des­ga­nyň şu ýyl işe gi­ri­zi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri özü­miz­de ön­dür­me­giň we beý­le­ki ýurt­la­ra eks­port et­mä­ge ni­ýet­le­nen önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ýer­li çig mal­la­ry peý­da­lan­ýan, hä­zir­ki döw­rüň teh­ni­ka­la­ry hem-de teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ry gu­rul­dy hem-de gu­rul­ýar. My­sal üçin, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­byn­da ýo­ka­ry hil­li ke­ra­mi­ki önüm­le­ri ön­dür­ýän, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da de­mir­be­ton önüm­le­ri­ni çy­kar­ýan iri za­wod­lar, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň S.Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da gu­ry gur­lu­şyk ga­ryn­dy­la­ry we gips kar­to­ny kär­ha­na­sy, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­byn­da be­zeg me­tal önüm­le­ri za­wo­dy ula­nyl­ma­ga be­ril­di di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Şu ýyl ýur­du­myz­da umu­my meý­da­ny 2 mil­li­on ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, şol san­da otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan jaý­la­ryň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň we beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi aý­ra­tyn gu­wanç­ly ýag­daý­dyr. Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan–Hin­dis­tan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­ny we beý­le­ki hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy hem do­wam ed­ýä­ris. Umu­man, 2020-nji ýyl hem­me­ler üçin örän kyn­çy­lyk­ly bol­dy, sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ba­bat­da dür­li ýa­ra­maz wa­ka­lar köp bo­lup geç­di. Ýö­ne, mu­ňa ga­ra­maz­dan, biz je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň şu ýyl hem go­wy, ýag­ny 5,9 gö­te­rim de­re­je­de bol­ma­gy­na ga­raş­ýa­rys.
Ge­çip bar­ýan ýy­lyň ne­ti­je­le­ri­ne ba­ha be­rip, umu­man, örän kyn­çy­lyk­ly bol­sa-da, bu ýyl bi­ziň üçin oňat ýyl bol­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ziň bi­ti­ren bu iş­le­ri­mi­ze my­na­syp ba­ha ber­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn. Äh­lu­mu­my çök­gün­li­giň agyr sy­na­gyn­dan ge­çip, biz öz öňü­miz­de has uly mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri go­ýa­rys. Gel­jek ýyl bol­sa, be­lent sep­git­le­ri ga­zan­ma­gyň ýy­ly bo­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

2021-nji ýyl be­lent sep­git­le­ri ga­zan­ma­gyň ýy­ly bo­lar
2021-nji ýyl­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­ny giň­den bel­lä­ris. Bu bol­sa, ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­ri jem­le­me­giň hem-de ge­çi­len ýo­la ser sal­ma­gyň döw­ri bo­lar. Hal­ky­myz üçin örän mö­hüm bo­lan bu se­nä­ni anyk iş­ler we tä­ze tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak bi­len bel­läp ge­çe­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.
Ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak işi­ni hem yzy­gi­der­li do­wam ede­ris di­ýip, döw­let Baştutany­myz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­ne gel­jek ýyl ge­çi­ril­jek saý­law­lar Ga­raş­syz döw­le­ti­miz üçin ýe­ne-de bir mö­hüm wa­ka bo­lar. Bu saý­law­la­ryň ýo­ka­ry ra­ýat iş­jeň­li­gi­niň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sy­ýa­sy kä­mil­li­gi­niň my­sa­ly­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal düý­bü­ni tu­tan de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň esas­la­ry ýol­baş­çy­la­ryň saý­law­ly bol­ma­gy­dyr, her ada­myň öz is­le­gi­ni er­kin be­ýan edip bil­me­gi­dir. Şeý­le hem, söz azat­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy­dyr we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň ber­ki­dil­me­gi­dir. Mu­nuň özi ýur­duň ösü­şin­de esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu ka­da­la­ryň äh­li­si bi­ziň däp-des­sur­la­ry­myz­da, ka­nun­la­ry­myz­da we ter­tip-düz­gü­ni­miz­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Biz yk­dy­sa­dy­ýet­de, dur­muş we eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da yzy­gi­der­li çä­re­le­riň giň ge­rim­li top­lu­my­ny ama­la aşyr­ma­gy do­wam ede­ris. Ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ry­na we is­leg­le­ri­ne düýp­li üns be­re­ris.
Sag­ly­gy go­raý­şyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni yzy­gi­der­li ber­ki­dip, ze­rur bo­lan­da bu ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin goş­ma­ça se­riş­de­le­ri goý­be­re­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Şo­ňa gö­rä-de, hä­zir­ki dö­wür­de hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, her bir ra­ýa­tyň Ga­raş­syz­lyk gym­mat­lyk­la­ry­my­zy gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly go­ra­ma­gy örän mö­hüm­dir.
Biz hal­ka­ra howp­suz­lyk ul­ga­my­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­my­zy do­wam edip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­züm­le­ri­niň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­re­ris. Mil­li bäh­bit­le­ri­mi­zi berk go­rap, hä­zir­ki köp ugur­ly dün­ýä­de özü­niň ne­ti­je­li­di­gi­ni gör­ke­zen saz­la­şyk­ly we oý­la­ny­şyk­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz yzy­gi­der­li do­wam et­di­ri­ler.