Türkmenistan diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagy güýçlendirmek boýunça milli kampaniýa badalga berdi.

5

15-nji iýunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi üpjün etmekde eneleri goldamagy güýçlendirmäge gönükdirilen milli kampaniýa badalga berdiler.
Şu ýylyň maý-awgust aýlary aralygynda dowam etjek bu kampaniýa ene süýdi bilen iýmitlendirmek barada ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligini giňeltmäge, eneler üçin maslahat beriş goldawyny ösdürmäge, maşgalalary we ýerli jemgyýetçilikleri bu işe çekmäge, şeýle hem ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly syýasaty we zähmet şertlerini öňe sürmäge gönükdirilendir. Kampaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini beriş edaralary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, durmuş ulgamlaryndaky jemgyýetçilik pikiriniň liderleri, hususy pudagyň iş berijileri we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bar.
Bu başlangyç Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijileriniň peselmegine jogap hökmünde amala aşyrylýar. Iň soňky Köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagyna (MICS) laýyklykda, ýurt çagalary ene süýdi bilen ir iýmitlendirip başlamakda ýokary görkezijileri gazandy. Şol bir wagtda, soňky maglumatlar diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek tejribesini saklap galmakda kynçylyklaryň bardygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, täze doglan çagalaryň 84,7 göterimi doglandan soňky birinji sagadyň dowamynda ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Emma ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilen çagalaryň paýy 2019-njy ýyldaky 56,5 göterimden 2024-nji ýylda 35,5 göterime çenli peseldi.
Ömrüniň ilkinji alty aýynyň dowamynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilme çagany sagdyn ösmek we kämilleşmek üçin ähli zerur ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Ol immuniteti berkidýär, giňden ýaýran çaga kesellerinden goraýar, beýniniň ösmegine ýardam edýär we bütin ömrüniň dowamynda saglygyna oňyn täsir ýetirýär. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek saglygy goraýyş çykdajylaryny azaltmak we ene bilen çaganyň arasyndaky duýgy baglanyşygyny berkitmek arkaly enelere we maşgalalara hem peýda getirýär.
“Ene süýdi çaga üçin iň oňat iýmit bolup, ol saglygyň we ene mähriniň çeşmesidir. Ene süýdi doly iýmitlenmegi üpjün edýär, immuniteti berkidýär, sagdyn ösmäge we kemala gelmäge ýardam edýär, şeýle hem köp sanly kesellerden goraýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek diňe bir çagalara däl, eýsem enelere we maşgalalara hem peýda getirýär” diýip, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýüzlenmesinde bellenilýär.
ÝUNISEF tarapyndan 2025-nji ýylda geçirilen barlag ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etdirmäge päsgel berýän esasy bökdençlikleri ýüze çykardy, olaryň hatarynda çaga dogrulýan edaralardan öýe ugradylandan soňra maslahat beriş hyzmatlarynyň elýeterliliginiň çäkliligi, onlaýn we resmi däl çeşmelerden nädogry maglumatlaryň ýaýramagy, zähmet şertleri bilen bagly basyşlar, şeýle hem maşgala tarapyndan goldawyň ýetmezçiligi bar.
Bu meseleleri çözmek üçin kampaniýa maglumat-wagyz ediş çärelerini geçirmegi, saglygy goraýyş işgärlerini we ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça jemgyýetçilik geňeşçilerini okatmagy, maşgalalary bu işe çekmek boýunça başlangyçlary, şeýle hem kanunçylyk we iş berijileriň syýasaty arkaly ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak çärelerini güýçlendirmek ugrunda aklawçylyk (adwokasiýa) işlerini alyp barmagy göz öňünde tutýar.
Kampaniýanyň maglumat serişdeleri eýýäm sosial ulgamlar we milli telewideniýe arkaly ýaýradylýar. Ilkinji netijeler diňleýjiler köpçüliginiň işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär: kampaniýanyň wideorolikleri 15 000-den gowrak gezek syn edildi, esasy habarlar bolsa internet torunda işjeň paýlaşylýar.
“Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak umumy jogapkärçilikdir – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi. – Eneler diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, kakalaryň, mamalaryň we babalaryň, ýerli jemgyýetçilikleriň hem-de iş berijileriň goldawyna mätäçdirler. Öýde, saglygy goraýyş edaralarynda we iş ýerlerinde ene süýdi bilen iýmitlendirmek üçin amatly şertleri döretmek arkaly, biz has köp zenana ene süýdi bilen iýmitlendirmegi dowam etdirmäge kömek edip bileris we has köp çaganyň durmuşa iň sagdyn ädim ätmesini üpjün edip bileris”.
Kampaniýa tutuş tomus paslynyň barşynda dowam eder we her ýylyň 1-7-nji awgusty aralygynda geçirilýän Bütindünýä ene süýdi bilen iýmitlendirmek hepdeliginiň çäklerinde tamamlanar. Bu döwürde ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmek tejribesini, kampaniýanyň netijelerini we eneleri goldamagy has-da güýçlendirmek boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin milli “tegelek stol” mejlisini guramak meýilleşdirilýär.
Döwlet edaralarynyň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýerli jemgyýetçilikleriň, maşgalalaryň we iş berijileriň tagallalaryny birleşdirýän bu kampaniýa diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijileriniň peselmek meýlini aradan aýyrmaga hem-de her bir enäniň maglumatly bolmagy, zerur goldawy almagy we öz çagasyna durmuşda iň gowy başlangyjy üpjün edip bilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.