14-nji maýda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy öz işine başlady. Bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Şu ýylky forumyň şygary «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» diýlip atlandyrylyp, forumyň çäginde GDA ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Forumyň gün tertibine şu aşakdaky dört sany esasy ugur boýunça çekişmeler girizilipdir: GDA halklarynyň taryhy umumylygy we Beýik Ýeňşe goşan goşandy; medeniýetde däp-dessurlar bilen innowasiýalaryň sazlaşykly utgaşmasy; ylmyň we bilimiň öňünde duran häzirki zaman wezipeleri; medianyň ynsanperwer gatnaşyklar ulgamyndaky orny.
Plenar mejlisiň dowamynda «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragynyň hem-de «Arkalaşygyň ilkinji ädimleri» atly halkara baýragyň gowşurylyşy boldy. Mundan başga-da, «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» atly döwletara maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Forum şu gün işini tamamlar.