Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygyna saparyny amala aşyrdy. Bu sapar iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygyna gabatlanmagy hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi bilen tapawutlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygy, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygy tassyklandy. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigine ünsi çekip, türkmen halkynyň gadyrly we hormatly myhmanlarynyň hatarynda Şazada Alber II görmäge şat boljakdygyny aýtdy. Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Ýewropanyň günortasynda, Ligur deňziniň kenarynda ýerleşýän Monako Knýazlygy Fransiýa bilen gury ýer serhedi boýunça serhetleşip, dünýädäki iň kiçi we iň gür ilatly ýurtlaryň biridir. Monte-Karlo şäheri hem-de bu ýerde geçirilen «Formula 1 Gran Pri» ýaryşy bilen hem giňden tanalýan Monako köp etniki medeni, dini, milli dürlüligi bolan köpmilletli döwletdir.
Bu ýurt birnäçe halkara guramalarynyň agzasydyr: BMG (1993-nji ýyldan bäri), ÝHHG, Ýewropa Geňeşi (2004-nji ýyldan bäri), ÝUNESKO, BSGG we beýlekiler. Halkara gidrografiýa guramasynyň baş binasy Monakoda ýerleşýär. Monakonyň Günbatar Ýewropada 12 diplomatik wekilhanasy, BMG we Ýewropa Geňeşiniň ýanynda hemişelik wekilleri bar. 45 ýurduň 106 şäherinde Monakonyň hormatly konsullyklary hereket edýär. 66 ýurduň Monakoda baş konsullyk ýa-da hormatly konsullyk edaralary bar.
Monakonyň ykdysadyýeti, esasan, syýahatçylyk bilen uly ösüşlere eýedir. Monako möhüm medeni merkezleriň biridir. Monakoda her ýyl Halkara sirk festiwaly we beýleki köp sanly festiwallar geçirilýär.
Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem gatnaşdy. Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşan türkmen jigitleri ahalteke bedewleri bilen haýran galdyryjy çykyşlary ýerine ýetirip, baş baýraga mynasyp boldular.
Monako Knýazlygy sport üstünlikleri bilen hem meşhurdyr. 1929-njy ýyldan bäri her ýyl iň abraýly awtoulag sport ýaryşlaryndan biri bolan «Monako Gran Prisi» geçirilýär we bu ýaryş 1950-nji ýyldan bäri Formula 1 Dünýä çempionatynyň bir bölegi hökmünde Monakoda guralýar. Fransiýanyň futbol çempionatynda çykyş edýän Monakonyň adybir «Monako» futbol kluby hem bar. Şeýle hem bu ýurtda «Global Champions Tour» halkara konkur bäsleşigi geçirilýär. Ol hem dünýäniň dürli döwletlerinden meşhur konkur türgenlerini bir ýere jemleýär.
Umuman, Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar. Olaryň biri hem sirk sungaty we sport bolup durýar. Şeýle hem syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň giň ugurlary bar.
Aýlar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.