Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.