Türkmenistandaky Fransuz Instituty küşt oýnunyň ähli janköýerlerini täze küşt klubuna goşulmaga çagyrýar.
9-njy maýdan başlap, klub duşuşyklary her şenbe güni sagat 18:30-da institutyň binasynyň çäginde geçiriler. Taslama Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar we küşti öwrenmegä höwes edýänleriň arasynda giňden ýaýratmagy maksat edinýär.
Küşt kluby dürli derejedäki oýunçylaryň arasynda dostluk oýunlary we tejribe alyşmak üçin giňişlik, başarnyklaryňyzy kämilleşdirmek we täze strategiýalary öwrenmek mümkinçiligini, şeýle hem özara goldaw we oýna bolan höwes atmosferasyny hödürleýär.
Klub täze başlanlara aýratyn üns berer: eger siz heniz küşt düzgünleri bilen tanyş däl bolsaňyz, tejribeli hünärmenler oýnuň esaslaryny özleşdirmäge we ussatlyga tarap ilkinji ädimleriňizi ätmäge kömek ederler. Küşt hemmeler üçin elýeterli oýundyr we küşt kluby giň adamlary özüne çekýän gurşawy döretmegi maksat edinýär.
Fransuz dilini bilmek höweslendirilýär, ýöne hökmany däl.
Küşt klubyna gatnaşmak mugt.
Islendik maglumat üçin şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: 36 83 70 / 36 83 71 / 36 83 72 (Duşenbeden Anna gününe çenli, sagat 14:00-dan 19:00-a çenli) ift.secretaire@gmail.com
Salgysy: Aşgabat, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý.
https://maps.app.goo.gl/twQYFZ87iNMDLXMd9
PDF









