BU obada asfalt düşelen ýol ýa-da awtoulag serişdesi ýok. Alp daglarynyň eteginde gizlenen 1 müň 650 metr belentlikdäki Mürren obasy arassa howasy we sessizligi bilen görenleri haýran galdyrýar. «Ertekiler ýurdy» diýlip atlandyrylýan bu oba barmak üçin awtoulagyňy aşakda jülgede goýmaly. Soňra asma ýol ýa-da otly arkaly dik gaýalaryň eteginde ýerleşýän Mürren obasyna tarap ýola düşmeli. Rahat we sabyrly adamlaryň ýaşaýan ýeri bolan şweýsar obasyna barýan myhmanlar özüni başga bir dünýä düşen ýaly duýýarlar.
Mürreniň taryhy asyrlara uzap gidýär. Bir wagtlar obanyň ýaşaýjylary gerekli harytlaryny alyp gaýtmak üçin birnäçe sagatlap ýöremeli ýa-da haýaljak ýöreýän otla münmeli bolýardylar. Häzirki wagtda döwrebap asma ýoluň işe girizilmegi bilen, gatnaw aralygy ep-esli azaldy. Aýna kabinaly asma ýol 4 minutda oba eltýär. Aýna kabinadan tebigaty we jülgäniň gözelligini synlamak her bir syýahatçyda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär.
10,5 inedördül kilometr meýdany tutýan Mürren obasynda durmuş tizlige däl-de, deňagramly we asuda ýaşaýşa esaslanýar. Obada 400-450 töweregi adam ýaşaýar. Oba ýaşaýjylary birek-birek bilen has ysnyşykly gatnaşýarlar. Dag obasynda köp zerurlyklary kanagatlandyryp bolsa-da, hassahana ýa-da käbir hyzmatlar üçin jülgä düşmeli bolýar. Agaçdan we daşdan gurlan jaýlary, dar köçeleri, kiçijik dükanlary bilen Mürren obasy tebigatdaky iň gowy ýaşaýyş merkezini emele getirýär. Obada peýnir we ýerli tagamlar taýýarlanylýan restoranlar hem bar. Bu ýerdäki XIX asyrda gurlan myhmanhanalar oba barýan syýahatçylarda taryhy ýyllara aýlanmaga mümkinçilik berýär. Mürreniň esasy ýerleriniň biri 1874-nji ýylda gurlan «Hotel Mürren Palace» myhmanhanasydyr. Golliwudyň ýyldyzy Rita Heýwort ýaly meşhur adamlary kabul eden bu myhmanhana «Şweýsariýanyň ilkinji köşgi» diýlip atlandyrylýar.
Mürren diňe bir owadan oba bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm gyşky sport merkezi hasaplanýar. XX asyryň başyndan bäri bu ýerde lyža sporty ösdürilýär we halkara ýaryşlar geçirilýär. Häzirki wagtda obanyň töwereginde birnäçe lyža ýodalary bar. Gyşyna obanyň daş-töweregi gar depeleri bilen örtülýän bolsa, tomsuna bu ýerde tebigat örän başgaça bolýar. Güller bilen örtülen dag ýodalaryndan ýöremek, paraşýutdan bökmek, şaglawuklaryň töwereginde dynç almak we tebigatda gezelenç etmek iň gyzykly güýmenjeler hasaplanýar. Mürren häzirki zaman dünýäsinden uzakdaky asuda tebigatly nusgawy obalaryň biridir.
PDF









