Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

2

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklandy.