8–11-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça Howpsuzlyk Taslamasynyň (CCASP) çäklerinde Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen guralan sebit okuwyna gatnaşdylar. Okuw Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi we sebitiň sekiz döwletiniň gümrük edaralarynyň wekillerini jemledi.
Çäräniň maksady — Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arasynda ýeňil ýaraglaryň (SALW) hem-de uçarmansyz uçarlaryň (UAV) bikanun dolanyşygyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak.
Çärede halkara kadalar, töwekgelçilikleriň dolandyrylyşy, edaralar arasyndaky hyzmatdaşlyk we milli tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekili bilen birlikde sebitiň sekiz ýurdundan gelen wekiller öz milli ulgamlary barada çykyş etdiler.