22-nji noýabrda Daşkentde badalga alan 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda Türkmenistanyň milli gyzlar ýygyndysynyň düzüminde 20 futbolçy çykyş eder.
Bu ýaryşa Eýrandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan bäş gyzlar ýygyndy topary gatnaşýar. Olar çempiony aýlawly ýaryşlarda kesgitlärler.
Ildeşlerimiz ilkinji duşuşykda Täjigistanyň ýygyndy toparyna garşy oýnarlar, soňra bolsa Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň ýygyndy toparlary bilen duşuşarlar.
Baş tälimçi Boris Borowigiň ýolbaşçylygynda bäsleşýän türkmen gyzlar ýygyndy toparynyň ýaryşy 29-njy noýabrda tamamlanar.
Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) 2014-nji ýylda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan döredildi we resmi taýdan tassyklandy. Ol öz düzüminde alty ýurduň: Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalaryny birleşdirýär.
PDF









