20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Parahat Durdyýew ŞHG-niň Baş sekretaryny Täze ýyl bilen gutlap, Guramanyň çäginde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde oňa rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmen diplomaty ŞHG-nyň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Şeýle hem, ol ŞHG-nyň Baş sekretaryny ýurdumyz tarapyndan 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.
Foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak mümkinçiligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, ŞHG-nyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýakymly ýatlap geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada pikir alyşdylar.