16-njy iýulda Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatorynyň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ygrarlylygy tassyklanyldy.
Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň iň gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi we öz gezeginde Ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň dostlukly we mähirli salam sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.
Täze Zelandiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Ilçi 2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Ýewropa departamentiniň başlygy Rod Harris bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygy, şeýle hem Türkiýäniň we Meksikanyň Täze Zelandiýadaky Ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada DIM-iň resmi web saýtynda habar berilýär.