Türkmenistanyň Mejlisi 24-nji oktýabrda şu aşakdaky kararlary kabul etdi:

  • “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna goşulmak hakynda”
  • “Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”
  • “Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda” kararlary kabul etdi.

Biodürlilik boýunça Nagoýa Teswirnamasy 2014-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda işjeňlik gazandy. Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmäge we sazlamaga gönükdirilen Kioto Konwensiýasy 1973-nji ýylda kabul edilip, gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biri bolup durýar.

18-nji sentýabrda bu Konwensiýa goşulmak bilen bagly Türkmenistanyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirilipdi.

Surat: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy