7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gruzin Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu strategik taslamalaryň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň we Gara deňziň üsti bilen Aziýadan Ýewropa ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şunlukda, söwda-ykdysady, sebitara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi aýdyldy. Medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileridir maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Şol başlangyçlaryň biri-de 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipdir. Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasy arkaly berkidildi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gruziýanyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Ol Prezident Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.
Irakliý Kobahidze syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem şu gün iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.
Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Şol gün Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu ulgamda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.
Ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara multimodal üstaşyr ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu strategik ugurda tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebit we ählumumy derejede energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýa tarapyndan tebigy gaz hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.
Oba hojalygy we birnäçe beýleki pudaklar-da möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, sport babatda gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gruzin kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.
Soňra dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy. Mälim bolşy ýaly, bu toplum geçen ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açyldy. Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginde beýik türkmen şahyrynyň ýadygärligi oturdyldy. Medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem ýerleşdirildi. Munuň özi dana Pyragynyň şygyrlarynda wasp edilýän dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýany bolup durýar.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze görnükli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň bu toplumda oturdylan ýadygärligine gül dessesini goýdy.
Gruziýanyň Hökümet Baştutany Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördi. Muzeýde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýygnalan, gözelligi, nepisligi babatda göreni haýrana goýýan halylar saklanýar. Halkymyzyň bu özboluşly sungaty asyrlaryň dowamynda aýawly saklanyp nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. Premýer-ministr Irakliý Kobahidze muzeýiň eksponatlary bilen tanşyp, türkmen halyçylarynyň zehininden dörän sungat eserleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.
Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.