Londonda geçirilen Wimbeldon Ýokary derejeli ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň (FTT) başlygy, Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşyp, FTT bilen ITF-iň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taýýarlanylyşy barada maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň başlygynyň habar bermegine görä, gol çekilmegine garaşylýan bu resminama dünýäniň 213 milli tennis guramalaryny birleşdirýän abraýly halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň Aşgabat şäherine 2024-nji ýylda bolan sapary munuň üçin güýçli itergi boldy.
Şol ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumy Aziýa Tennis Federasiýasy tarapyndan «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» hökmünde ykrar edildi.
Ýakyn wagtda gol çekilmegine garaşylýan Ähtnamada türkmen türgenleriniň dünýä tennisine mundan beýläk-de goşulyşmagy, Türkmenistanda hünärmen tälimçileriň köpelmegi, hünärmenleriň alyş-çalşygy we halkara hünärmenleriniň we tälimçileriniň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň taýýarlyk işlerine gatnaşmagy üçin şertnamalaýyn ädimler bolar diýlip garaşylýar.
ITF-iň prezidenti Dewid Haggerti türkmen tälimçileriniň uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, 4–15-nji awgust aralygynda Aşgabat şäheriniñ Olimpiýa şäherçesiniň «Tennis toplumunda» geçirilmegi meýilleşdirilýän «ITF Level 2» derejeli sebit okuw-maslahatyna taýýarlyk görülmegine aýratyn üns berdi. Forum sebit tälimçilerini we 12 günüň dowamynda iň oňat ITF hünärmenlerinden nazary we amaly tälim aljak 12 türkmen hünärmenini birleşdirer.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm