20-21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Yrak Respublikasynyň Bagdad şäherinde saparda boldy.
Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, yrak tarapyna – Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler we ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de, gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnamalaryň hukuk binýadynyň ýagdaýyna we ony giňeltmek barada hem pikir alyşylydy.
Iki ýurduň arasynda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek we bu ugurda özara gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle-de halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Taraplar türkmen-yrak dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassykladylar.
***
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yrak Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Yragyň Söwda palatalar federasiýasynyň başlygy Abdul Razzak Al-Zuhaýriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, Türkmenistanda we Yrak Respublikasynda geçirilýän halkara ykdysady forumlara, sergilere we işewür duşuşyklara iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtadylar.