24-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Poçta hyzmatlaryny halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.