Ýewropanyň güneşli ýurdy Ispaniýa baran syýahatçylaryň sany şu ýylyň üç aýynda 8,8 göterim artyp, 26,4 milliona ýetdi. Ýurduň milli statistika institutynyň (INE) maglumatyna görä, geçen ýylyň degişli döwründe bu Ispaniýa 24,2 million syýahatçy barypdyr. Ýurda barýan syýahatçylaryň köp bölegini beýleki Ýewropa ýurtlary emele getiripdir. Iň köp syýahatçy Angliýadan (3,1 million) barypdyr. Fransiýada 2,12 million, Germaniýadan 2 million syýahatçy ýylyň birinji çärýeginde Ispaniýa barypdyr. Ýurduň Kanar adasy we Kataloniýa sebiti iň köp syýahatçy kabul eden ýerler bolupdyr.