Niderlandlarda köplenç daşary ýurtlular tarapyndan ulanylýan ýol petekleriniň hasabynda her ýyl millionlarça ýewronyň unudylýandygy mälim edildi. Geçen ýyl “OV-chipkaart” atly ýol peteklerine geçirilen, ýöne ulanylmadyk puluň möçberi 13 million ýewro ýetipdir. Aslyndan ozalky ýyllarda bu görkeziji has-da ýokarydy. 2023-nji ýylyň ahyrynda satyn alnanyna 5 ýyldan köp wagt geçen ýol peteklerinde jemi 18 million ýewro galypdyr. Bu görkezijiniň azalmagynda “Translink” atly jemgyýetçilik guramasynyň “Heel Holland Checkt” (Bütin Gollandiýa barlaýar) atly kampaniýanyň täsirli bolandygy bellenilýär.
“OV-chipkaart” atly jemgyýetçilik ulaglarynda töleg etmäge mümkinçilik berýän petegiň ulanyş möhleti 5 ýyl. Wagty geçenden soňra ulanyjylar onuň içinde galan puly ýene-de 5 ýylyň dowamynda gaýtaryp alyp bilýärler. Emma şol döwrüň dowamynda yzyna alynmadyk pul möçberi kanun taýdan “Translink” tarpyndan maýa goýum maksatly ulanylyp bilinýär. 2023-nji ýylda wagty geçen kartlarda galan 11,4 million ýewro puluň uly bölegi “Ovpay” atly töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin sarp edilipdir. “OVpay” ulgamy ýolagçylara bank kartlary arkaly töleg etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgam ýolagçynyň tölän puluny yzyna gaýtaryp almagyny hem ýeňilleşdirýär.