«Blue Origin» kompaniýasy kosmos syýahatynyň üçünjisini amala aşyrmaga taýýarlyk görýär. Kompaniýa ýerden 100 kilometr çemesi belentlige çykýan «New Shepard» atly gämisi bilen häzire çenli iki syýahaty amala aşyrdy. Bu syýahatlara meşhur adamlar hem gatnaşýar. 9-njy dekabrda amala aşyryljak syýahatda bolsa kosmosa ilkinji çykan amerikaly bolan Alan Şepardyň uly gyzy Laura Şepard Çörçli hem bolar. Şeýle hem bu syýahatda «Good Morning America» telegepleşiginiň alypbaryjysy Michael Strahan, belli maýadar Daýlan Teýlor, Ewan Dik we «Bess Ventures» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Leýn Bess we onuň ogly Kameron bolar. Leýn we Kameron kosmosa giden ilkinji ataly-ogul bolarlar.
Şepard Çörçli bilen Strahan kosmos syýahatynyň hormatly myhmanlary hökmünde kabul edilýär. Kompaniýanyň kosmos gämisi hem Çörçliniň kakasynyň hormatyna «New Shepard» diýlip atlandyrylan.
Ýazmyrat AMANGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.