Hindistanyň Maliýe ministrligi 2024-nji ýylda ýurtda 7 göterimden ýokary ykdysady ösüşe garaşylýandygyny mälim etdi. Ministrlik 2027-nji ýyla çenli ýurduň jemi içerki önüminiň 5 trillion dollara ýetip, dünýäniň üçünji ykdysadyýeti boljakdygyny belledi. Hindistanda maliýe ýyly 1-nji aprelde başlap, geljek ýylyň 31-nji martyna çenli dowam edýär. Şu ýylky maliýe ýylynda göz öňünde tutulan ösüşe ýetilen ýagdaýynda ýurduň ykdysadyýeti yzly-yzyna üçünji gezek 7 göterim ösüş gazanar. Ýurduň umumy jemi içerki önümi häzirki wagtda 3,7 trillion dollar töweregi. Geljek ýylda hem ykdysady ösüşiň 7 göterime golaý bolmagyna garaşylýar. «Goldman Sachs» maliýe edarasynyň çaklamasyna görä, Hindistan 2075-nji ýyla çenli diňe Ýaponiýadan we Germaniýadan däl, eýsem ABŞ-dan hem öňe geçip, dünýäde ykdysady taýdan ikinji uly ýurt bolar.
Häzirki wagtda Hindistan ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we Germaniýadan soňra dünýäniň ykdysady taýdan iň uly bäşinji ýurdy hasaplanýar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Hindistan ilat sany babatda Hytaýdan öňe geçip, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolupdy.
Näzik HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.
PDF









