Guşlaryň we mör-möjekleriň käbir görnüşi myşsalaryny hem-de ganatlaryny ulanmak arkaly howada hereket edip bilýärler. Göräýmäge guşlaryň hemmesi uçup bilýän ýaly. Emma olaryň uçup bilmeýänleri (düýeguş, kiwi, pingwin) hem bar. Guşlardan başga-da, Ýer ýüzünde uçup bilýän janly-jandarlaryň birnäçesi ýaşaýar.
Kolugos. «Uçýan lemur» diýip hem atlandyrylýan kolugoslar aslynda uçmaýarlar. Olar bir agaçdan beýleki agaja böküp hereket edýärler. Kolugoslar 200 metre çenli howada gaýyp bilýändigi üçin uçýan ýaly görünýär. Eşigi özüne uly bolýan ýaly görünýän bu jandarlaryň derisi batbörek görnüşde açylýar we uçmaga mümkinçilik berýär.
Uçýan balyk. Balygyň bu görnüşi suwdan çykyp, ýüzgüçlerini ganat ýaly ýaýmak arkaly 200 metre çenli uçup bilýär. Sagatda 56 kilometr tizlik bilen hereket edýän bu balyklara suwuň ýüzüne ýetende tizligi ýokarlandyrmak üçin guýrugy ýardam edýär. 7 töweregi görnüşi bolan uçýan balyklar Barbados adalarynyň milli nyşanydyr.
Uçýan ýylan. Süýrenijiler maşgalasyna degişli bolan «chrysopelea» Günorta-Gündogar Aziýanyň tokaýlarynda duş gelýär. Ösen aerodinamiki ukyplary bolan bu ýylanlar 20 metre çenli uçup bilýärler. Ýylanlaryň bu görnüşi göwresini pružin ýaly egrem-bugram saklap, birden öňe okdurylýar. Uçýan ýylanlaryň esasy aýratynlygy aşakdan ýokarlygyna hem-de keseligine böküp bilýänligidir.
Uçýan gurbaga. Wallesiň uçýan gurbagasy şadyýan jandarlaryň beýleki görnüşleriniň arasynda iň meşhury hasaplanýar. 15 metr aralyga çenli uçup bilýän bu gurbagalaryň perdeli barmaklary bar. Bu jandarlar böken wagty aýaklary howada deňagramlylygy saklap, uçýan ýaly bolup görünýär. Uçýan gurbaganyň esasy aýratynlygy batgalyklarda däl-de, agaçlarda ýaşaýanlygydyr. Bu gurbagalar wagtynyň köp bölegini agaçlaryň şahalarynda geçirýärler. Wallesiň uçýan gurbagasy Malaýziýanyň we Borneonyň tropik tokaýlarynda ýaşaýar. Göwresiniň ululygy 10 santimetre ýetýän bu gurbaganyň reňki açyk ýaşyl bolup, sargylt menekleri bar.