Soňky ýyllarda dürli maksatlar bilen peýdalanylýan dronlaryň birnäçe görnüşi peýda boldy. Dronlaryň ýolagçy gatnatmaga niýetlenen görnüşleri hem azda-kände gabat gelýär. Mundan soňra adamyň «uçmagyna» mümkinçilik berýän enjamlar hem ýüze çykar. Awstraliýanyň «CopterPack» kompaniýasy şeýle tehnologiýany oýlap tapdy. Iki sany aýlanýan perli enjam adamyň arkasyna dakylýar. Bu ugurda ilkinji synagyň üstünlikli tamamlanandygy mälim edildi. Ýakyn wagtda peýda boljak bu enjamlar adamyň bir ýerden başga ýere «uçup» gitmegine şert döreder.
Reşit SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.