Hytaýyň Heçi etrabynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik uçudyň kertinde gurlan özboluşly kitap dükany köpleriň göwnünden turdy. Adaty bolmadyk binagärlik çözgüdi eýýäm syýahatçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Şu ýylyň maý aýynda açylan dükana eýýäm birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhman geldi. Bina agaçdan we aýnadan gurlup, kitap tekjeleriniň käbir bölegi gaýanyň ýüzi oýulyp ýasalypdyr. Gündizine kitap dükanyny tebigy yşyk ýagtylandyrýar, agşamlaryna bolsa, aşakdan ýarym yşyklandyrylyp, “asmanda gaýýan galanyň” şekilini döredýär.
Dükanda sungat, filosofiýa we taryh kitaplary bar. Bu ýere gelýänler üçin lonj-zolaklar hem-de dag landşaftyna we uçuda tarap açylýan kofehana gurnaldy. Taslama, ajaýyp karst çukurlary we dag gözellikleri bilen tanalýan Mýanhua Týanken syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça maksatnamasynyň bir bölegidir.