UEFA Çempionlar Ligasynyň täze 71-nji möwsüminde çykyş etjek toparlaryň ählisi pleý-off tapgyrynyň geçirilen jogap oýunlaryndan soň belli boldy. Şu gün agşam bolsa, klublaryň haýsy toparlar bilen duşuşyk geçirjekdigi kesgitlener. Monte Karloda geçiriljek bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Şeýlelikde, 2-nji gezek liga görnüşinde geçiriljek UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyrynda çykyş etjek 36 klubuň ählisi hem belli boldy. Şol 36 klub 17 ýurda wekilçilik edip, Angliýadan 6 topar gatnaşar. Ilkinji gezek 1 ýurtdan 6 klubuň gatnaşjak ýaryşyndaky 4 klub Çempionlar Ligasynyň debýutanty bolar. Ýagny Belgiýanyň çempiony “Ýunion Sent-Žilluaz”, Gazagystanyň “Kairat”, Kipriň “Pafos” hem-de Norwegiýanyň “Bude-Glimt” toparlary taryhlarynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyrynda çykyş ederler. Olar Çempionlar Ligasynda çykyş etjek 155-156-157-158-nji klublar bolarlar. Geçen möwsümde 5 klub bu ýaryşyň debýutanty bolupdy.

Şeýle-de, Londondan 3, Lissabon bilen Madridden hem 2 klub ýaryşa gatnaşar. Geçen möwsüm gatnaşan 36 klubuň deň ýarysy, ýagny 18-si bu möwsümde gatnaşmaz. Olaryň ornuna başga 18 klub wekilçilik eder.

Çempionlar Ligasynyň 71-nji möwsüminde her klub edil geçen möwsümdäki ýaly 8 duşuşyk geçirer. 8 duşuşygyň netijesinde iň köp utuk toplan 8 klub gönümel 1/8 finala çyksa, 9-24-nji orunlardaky klublar özara pleý-off duşuşyklaryny geçirerler. Liga tapgyrynyň duşuşyklar 16-njy sentýabrda başlap, geljek ýylyň 28-nji ýanwarynda tamamlanar.

Çempionlar Ligasynyň taryhynda şu möwsümde iň gündogarda hem-de iň demirgazykda ilkinji duşuşyklar geçiriler.

Çempionlar Ligasynyň finaly geljek ýylyň 30-njy maýynda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde oýnalar.

 

1-nji torba

Pari Sen Žermen (Fransiýa)

Real Madrid (Ispaniýa)

Mançester Siti (Angliýa)

Bawariýa (Germaniýa)

Liwerpul (Angliýa)

Inter (Italiýa)

Çelsi (Angliýa)

Borussiýa Dortmund (Germaniýa)

Barselona (Ispaniýa)


2-nji torba

Arsenal (Angliýa)

Baýer (Germaniýa)

Atletiko Madrid (Ispaniýa)

Benfika (Portugaliýa)

Atalanta (Italiýa)

Wilýarreal (Ispaniýa)

Ýuwentus (Italiýa)

Aýntraht (Germaniýa)

Klub Brýugge (Belgiýa)


3-nji torba

Tottenham (Angliýa)

PSW (Niderlandlar)

Aýaks (Niderlandlar)

Napoli (Italiýa)

Sporting (Portugaliýa)

Olimpiakos (Gresiýa)

Slawiýa Praga (Çehiýa)

Bude-Glimt (Norwegiýa)

Marsel (Fransiýa)


4-nji torba

Kopengagen (Daniýa)

Monako (Fransiýa)

Galatasaraý (Türkiýe)

Ýunion Sent-Žilluaz (Belgiýa)

Garabag (Azerbaýjan)

Atletik Bilbao (Ispaniýa)

Nýukasl (Angliýa)

Pafos (Kipr)

Kairat (Gazagystan)