Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýalar ulgamynda oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demirýol geçelgesi multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen işler netijeli ilerledilýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtda Gara deňiz – Hazar deňzi ugry boýunça hem ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda ulag pudagyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa Bileleşigi «Global Gateway» maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri üçin umumy bahasy 12 milliard ýewro bolan maýa goýum bukjasyny taýýarlady. Maliýe serişdelerini ulag we infrastruktura ulgamlarynyň ösdürilmegine hem gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu hem biziň ýurdumyzyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda esasy köpri bolup hyzmat etmegine giň mümkinçilik döreder. Hytaýdan Ýewropa uzaýan ulag ýollarynyň esasy ugrunyň Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzi we Ýewropa aralaşmagy ýurdumyzyň ulag mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Orazmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









