Um­man­da şä­her gur­lar

111

Ýa­po­ni­ýa­nyň «N-Ark» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri um­ma­nyň için­de sy­ýa­hat­çy­lyk, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, kos­mod­rom bo­lan şä­he­ri gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. «Do­gen City» at­ly şä­her kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bi­len su­wuň de­re­je­si­niň beý­gel­me­gi­ne gar­şy çy­dam­ly bo­lup, 40 müň ilat üçin ni­ýet­le­ner. Te­ge­lek şe­kil­li «ýüz­ýän» şä­he­riň dia­met­ri 4 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, bu ýer­de 10 müň adam he­mi­şe­lik ýa­şar. Şä­her bir wagt­da 30 müň sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul edip bi­ler. Dür­li ho­wa şert­le­ri­ne we güýç­li tol­kun­la­ra çy­dam­ly bol­jak su­wüs­ti şä­her üç bö­lek­den yba­rat bo­lar. Onuň bi­rin­ji bö­le­gin­de esa­sy ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ýer­le­şer. Bu ýer­de ýa­şyl zo­lak­lar, azyk önüm­çi­lik des­ga­la­ry, mek­dep, sport meý­dan­ça­la­ry, has­sa­ha­na­lar, se­ýil­gäh­ler, sta­di­on­lar, myh­man­ha­na­lar we ofis­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Şeýle hem şä­her­de gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ryň uçu­ryl­ýan we gon­du­ryl­ýan meý­dan­ça­sy hem bo­lar. Kom­pa­ni­ýa sarp edil­jek su­wuň we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň şä­her­ içinde ön­dü­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­jek ýe­ri we ba­ha­sy ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­me­di.

Ýul­duz NUR­GEL­DI­ÝE­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.