22-nji ýanwarda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Hökümeti ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler.
Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisi, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň hem-de ministrlikleriň wekilleri gatnaşyp, ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, onuň bilen baglanyşykly meseleleri hem-de ilata üpjün edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaklygyň strategiýalary babatynda pikir alyşdylar.
Milli we halkara bilermenleri ýerli öz-özüňi dolandyryşyň netijeli gurluşlary barada özara pikir alşyp, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunyna berlen seljerme esasynda taýýarlanan tekliplere syn berdiler hem-de halkara hukuk standartlaryny ornaşdyrmaklygyň strategiýalary bilen tanyşdyrdylar.
Tegelek Stol duşuşygynyň esasynda USAID Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, işlerini kämilleşdirmekde özgertmeleri geçirmek hem-de öňegidişlikleri gazanmak ugrunda 4 ýyllyk iş meýilnamasyny taýýarlarlar. Bu iş meýilnamasy “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler girizmek boýunça teklipleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny, meýilleşdirmegiň we maliýeleşdirmäniň strategiýalaryny öz içine alar.
Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Hökümeti we USAID-iň ýurtda ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm ädim boldy.
***
USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurduň dolandyryş ulgamyny we kanunçylygyny kämilleşdirmekde hem-de sosial-ykdysady ösüşi gazanmakda hyzmatdaşlyk edip gelýär. USAID-iň GAT taslamasy inklýuziw dolandyryş ulgamyny öňe sürmek bilen, tejribelere esaslanýan kanun çykaryjylygy kämilleşdirmek arkaly durnukly sosial-ykdysady ösüşi gazanmakda ýardam berýär.
***
USAID dünýäniň öňdebaryjy halkara ösüş agentligi bolup, oňyn netijeli ösüşlere itergi berýän gurama hasaplanýar.
Has giňişleýin maglumat almak üçin, https://www.usaid.gov/central-asia-regional USAID Merkezi Aziýa internet sahypasyna hem-de https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia USAID Merkezi Aziýa Facebook sahypasyna girip bilersiňiz.